Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Bagtyýarlygyň goşa sütüni» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler buýsançly geçmişimizi, bagtyýar şu günimizi, beýik geljegimizi alamatlandyrýan gymmatlygymyz bolan Döwlet baýdagymyzyň belentde parlap, eziz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny jümle-jahana ýaýýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de tebigatyň we ýaşaýyş gözelligini özünde jemleýän ýaşyl tugymyzda ýurdumyzyň haly gölleriniň ýerleşdirilmegi halkymyzyň agzybirliginiň, bitewiliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.