logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bagy bossan – jennet mekan Aşgabat

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Atamyrat” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň, “Ak şäherim Aşgabat” gepleşiginiň ýazgy etmeginde 25-nji maý Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap “Bagy bossan – jennet mekan Aşgabat” atly söhbetdeşligi geçirdi.

Aşgabat ata Watanymyzyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň ösüşini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň netijesini aň-paýhas mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Gözel paýtagtymyzyň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna goşulmagy, onuň köp sanly desgalarynyň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi we beýleki üstünlikleri dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýändigi babatynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar baş şäherimizi ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.