logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAHAR GELSE ÄLEM ÝÜZI JANLANYP, ÝAZ GÜLLERI ÇEMEN BOLUP AÇYLÝAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bahar gelse älem ýüzi janlanyp, ýaz gülleri çemen bolup açylýar» ady bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy toý-şatlyga, bagy-bossanlyga besläp gelen ajaýyp Nowruz baýramy dostlugyň, milli medeniýetiň, halk däpleriniň we ynsan ýürekleriniň birleşmeginiň hakyky baýramçylygyna öwrülip, baýramçylyk saçagyna jem bolan merdana halkymyz bilen birlikde dünýäniň köp ýurtlaryndan gelen myhmanlarda uly täsir galdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy türkmen medeniýetiniň möhüm bölegi bolup, halkyň ruhy ösüşini, dostlugyny, parahatçylygyny we ösüşe bolan umytlaryny alamatlandyrýandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň taryhyna sarpa goýup, ak ertirlerini ak bagta besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.