logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAHAR GELSE ÄLEME ZENAN MÄHRI NURLANAR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan”, teleýaýlymlary bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at–myradyň mekany” ýylymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp “Bahar gelse äleme zenan mähri nurlanar” ady bilen baýramçylyk dabarasy ýazgy edildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler,Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,biziň enelerimiz we käbelerimiz hakynda edýän Döwlet derejesindäki aladalary, Halkara 8-nji mart zenanlar gününe bagyşlanyp zenanlarymyz bilen bilelikde ýaşajyk gyzjagazlara çenli pul sowgatlarynyň gowşurylýanlygy barada söhbet etdiler. Enelerimiz, käbelerimiz biziň bahar-ýaza meňzeş,ajaýyp gül-gunçalara meňzeş gelin-gyzlarymyz hakynda goşgy ýazmadyk eser döretmedik şahyr- ýazyjy,aýdym aýtmadyk, saz döretmedik bagşy- sazanda ýok bolsa gerek. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler bular hakynda aýtmak bilen gelin-gyzlar hakynda ýazylan goşgulary okadylar. Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Milli Liderimiz,Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.