logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAHAR GELSE ÄLEME ZENAN MÄHRI NURLANAR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde ”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bahar gelse äleme zenan mähri nurlanar” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk dabarasyna dürli kärdäki zähmet çekýän zenanlar, ak saçly enelerimiz şeýle hem medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlarymyz gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň ,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir gününiň toý- baýramlara beslenýänligini nygtamak bilen, Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramyny tüýs ýürekden gutladylar.Soňra olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mähriban enelerimize, zenanlarymyza döwlet derejesinde örän uly sarpa goýulýandygy, olara dürli ýeňillikleriň berilýändigi, sekiz we ondan köp çaga terbiýeläp ýetişdiren enelerimize “Zenan kalby” ordeniniň gowşurylmagy, “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy, olara şa serpaýynyň we ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna şeýle hem mekdep okuwçylaryna, ýaşajyk gyzjagazlara hem Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mähriban enelerimize, zenanlarymyza döwlet derejesinde örän uly sarpa goýulýar. Olara dürli ýeňillikler berilýär. Öz bilşimiz ýaly, sekiz we ondan köp çaga terbiýeläp ýetişdiren enelerimize “Zenan kalby” ordeni, “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy, olara şa serpaýynyň we ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna şeýle hem mekdep okuwçylaryna, ýaşajyk gyzjagazlara hem Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy olara döwlet derejesinde edilýän hormat-sarpanyň aýdyň subutnamasydyr diýip olar çykyşlaryny jemlediler.

Dabaranyň çäginde oňa gatnaşan aýdymçylardyr-sazandalar özleriniň ajaýyp aýdym-sazlary bilen dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdylar.

Baýramçylyk dabaranyň ahyrynda çykyş edenler bize şeýle ajaýyplyklary döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.