Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bahar gülleri deý mährem eneler» ady bilen 70-nji çagalar bagynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde häzirki ajaýyp döwrümizde nesil terbiýesine, ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, çagalar - biziň gelejegimiz bolup, ýurdumyzda ýaş nesilleriň kemala gelmegi olaryň ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, Aşgabat şäherinde ýerleşýän 70-nji çagalar bagynda ýaş körpejeleriň arasynda «Bagtyýarlyk bahary» atly kitapda çagalaryň özleri hakynda, birnäçe gyzykly tapmaçalar we gyzykly dostluk-doganlyk baradaky goşgularyň ýerleşdirilendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda çagalar enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän birnäçe goşgularyny ýerine ýetirdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik we dostluk ruhunda terbiýelenmegi babatda yzygiderli aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.