logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAHAR PASLY DEÝIN MÄHREM ENELER

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 142-nji çagalar bagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bahar pasly deýin mährem eneler» ady bilen goşgy bäsleşigi geçirildi.

Çärede ata-babalarymyzyň her bir jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda mukaddeslige deňelýän, ene-mähremligine aýratyn hormat goýmak ýaly ajaýyp ýörelgelerden ugur alyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýulýandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ynsan güýjüne daýanmak ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda körpeje çagajyklaryň arasynda goşgy bäsleşigi geçirilip, olar mährem enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy wasp edýän birnäçe ajaýyp goşgulary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimiziň ýagty geljegi üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.