logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Bahar - ýazym zemin görki, Zenanlarymyz dünýäň durky

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda «Bahar - ýazym zemin görki, Zenanlarymyz dünýäň durky» atly mowzuk agşamy geçirildi.

Bu çärä kümüş saçly enelerimiz, işjeň partiýa agzalary we kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Çärede ýurdumyzda zenanlara goýulýan sarpa, adamzat neslini dowam etdiriji, öz söýgüsi bilen ojagyny ýyladýan, perzentlerini mähri bilen kemala getirýän enelerimiziň zähmeti, taryhda yz goýan zenanlarymyzyň gahrymançylyklary barada söhbetler edildi, şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan «Zenan bagtyýar-Watan owadan» ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirilen ýazyjy zenan şahyrlarymyzyň el hünärlerimizi wasp edýän kitaplary gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Gatnaşyjylar ajaýyp döwrümizde zenanlara goýulýan hormat, sarpa üçin döwrebap ýaşamaga ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyp, olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.