logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Bahar ylhamy» atly aýdym-sazly konsert

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän kafedralaryň hepdeligi geçirilýär. Hepdelikde ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, konsertler, bäsleşikler we döredijilik duşuşyklary gurnalýar.
“Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Bahar ylhamy” atly türkmen kompozitorlarynyň aýdym-saz eserlerinden düzülen konsert geçirildi.
Konsertiň başynda I.Güseýinowanyň ýolbaşçylyk edýän “Saz mugallymy” kafedrasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde kompozitor K.Garowowyň D.Annamyradowyň sözlerine döreden “Beýik ykbal Pyragy” eseri dabaraly ýaňlandy. Soňra G.Sähetliýewa M.Amanowanyň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti, tanymal kompozitor D.Hydyrowyň G.Daňatarowyň sözlerine döreden “Bagyş et maňa”; “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi A.Gylyjowa J.Ataýewanyň sazandarlyk etmeginde tanymal kompozitor D.Hydyrowyň şahyr G.Şagulyýewanyň sözlerine döreden “Dillerde dessanym, gel”; “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi G.Taýlyýewa J.Reýimowanyň “Ykbal” wokal toplumyndan “Ýagyşly säher”, “Sen gelersiň”, Ý.Aşyrowyň “Men seni ýatlamda” ýaly aýdymlary ýerine ýetirdiler. K.Garowowyň kompozitor N.Halmämmedowa bagyşlap döreden “Taplanyş ýoly” atly skripka, wiolonçel, fortepiano üçin eserini B.Abdyýewa (skripka), S.Rozyýewa (wiolonçel), G.Bäşimowa (fortepiano) ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsertde T.Jumaýewanyň sazandarlyk etmeginde, Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň “Paýtagt” skripkaçylar topary K.Garowowyň “Eziz Türkmenistanym” we “Mähriban siz eneler”, “Joşgun” akapella toparynyň solistleri bolsa K.Jumagulyýewiň “Türkmen bedewi” eserini hyjuwly ýerine ýetirdiler. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi K.Hudaýberdiýewiň (balaman), Ş.Kamilowyň (fortepiano) ýerine ýetirmeginde tanymal kompozitor S. Tüýliýewiň “Ezizim” eseri ýaňlandy. Şeýle hem S.Tüýliýewiň iň soňky döreden saksofon, skripka, fortepiano üçin “Ogulbeg” eserini K.Hudaýberdiýew (saksofonda), Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi S.Atanyýazow (skripkada), Ş.Kamiljanow (fortepianoda) joşgunly ýerine ýetirdiler. Kompozitor S.Tüýliýew özüniň döreden “Ogulbeg” atly ajaýyp sazynyň 1-nji bölüminde “Ogulbeg” halk aýdymynyň, 2-nji bölüminde özüniň döreden “Pendi nagmalary” toplumynyň “Uzuklaryň girişi”, 3-nji bölüminde bolsa “Nejoldy” sazynyň elementlerini ulanypdyr. Bu saz diňleýjiler tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy. Türkmenistanyň halk artisti D.Hydyrowyň skripka we fortepiano üçin “Ýumoresko” eseri konsertiň jemleýji eseri boldy. Bu eseri G.Meredowa (skripkada), B.Joraýew (fortepianoda) ajaýyp ýerine ýetirdiler.
Ussat halypa kompozitorlaryň döredijiliginden düzülen konsertler kompozisiýa, şeýle hem saz sungaty ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar üçin has-da peýdalydyr. Bu diňe bir aýdym-sazly konsert bolman, eýsem, ýaş nesilleriň şeýle halypalaryň döredijiliginden ylham almagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Biz ýaş nesillere halypa kompozitorlaryň döredijiligini, olaryň döreden eserlerini öwrenmekde döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ogulbeg ÝEGENOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby