logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Baku dabaralary

2026-njy ýylyň 29-njy iýuny, 3-nji iýuly aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Ilkinji Türkologik Kongresiniň 100 ýyllygyna bagyşlanan «Türki dünýäsi hepdeliginiň» çäginde geçirilen çärelere, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň direktory Enejan Geldiýewa hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary Laçin Nurmuhammedowa gatnaşdy.

Geýdar Aliýew adyndaky Medeniýet merkezinde Ilkinji Türkologik Kongresiniň 100 ýyllygyna bagyşlanan «Türki dünýäsi hepdeliginiň» açylyş dabarasy geçirildi. Bu şanly sene mynasybetli birnäçe döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň gutlaglary okaldy. Türki döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlary dost-doganlyk ruhuna beslenip, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Hepdeligiň çäginde birnäçe aýdym-sazly medeni çäreler geçirildi. Şeýle hem, Azerbaýjanyň Milli kitaphanasynda Ilkinji Türkologik Kongresiniň 100 ýyllygyna bagyşlanan bibliografiýa neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabaranyň çäginde Türki döwletleriniň kitaphana ýolbaşçylarynyň arasynda usuly maslahat geçirildi. Onda geljekde kitaphanalaryň arasynda sanly ulgamy kämilleşdirmek, resmi saýtlary arkaly kitaphanalarda guralýan medeni çäreleri we täzelikleri birek-birege geçirmegi hem-de tanyş bolmagy ýola goýmak barada maslahat edildi. Hepdeligiň dowamynda Baku şäheriniň täze we köne şäherlerine şeýle-de taryhy ýadygärliklerine we Haly muzeýine gezelenç edildi.