logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAKY BITARAP WATAN

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň giňden ýaýbaňlanýan günlerinde «Baky Bitarap Watan» atly kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän dürli neşirler ýerleşdirildi. Sergä gatnaşanlar Bitaraplygymyzyň mukaddesligi, gadyr-gymmaty şeýle-de taryhda ata-babalarymyzyň Bitaraplygymyzy arzuwlap geçen şöhratly ýoly barada täsirli gürrüňler etdiler. Otuz ýylyň içinde Diýarymyzyň ýeten belent sepgitleri barada hem uly buýsanç bilen nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýä ýüzünde asuda, parahat, abadan döwlet hökmünde tanadan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.