Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda “Garaşsyzlygyň XV ýyllygy” seýilgähinde “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli “Bitaraplyk doganlyk–saýlan aýdyň ýolumyz” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda parahatçylyk binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygy, ählumumy parahatçylyk medeniýetini pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, beýleki halklara, olaryň medeniýetlerine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgeler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Hemişelik Garaşsyz Bitarap döwletimiz dünýä halklaryna dost-doganlyk goluny uzadyp, bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygy dogrusynda çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň bagtyýarlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.