logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAKY BITARAPLYK-BAGTYÝARLYGYŇ GÖZBAŞY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Baky Bitaraplyk-bagtyýarlygyň gözbaşy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň uly dabara bilen bellenilýändigini, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistan beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanyna öwrülendigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň taryhy Kararnamasy esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek tassyklanmagy, eziz Diýarymyzyň halkara abraýy has-da belende göterilendigi, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.