logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAKY BITARAPLYK–PARAHATLYK MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Baky Bitaraplyk–parahatlyk mekany» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Hemişelik Bitaraplyk merdana pederlerimiziň parahatçylyk we durnukly ösüşi, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk barada asyrlar boýy eden arzuwlaryny has-da üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de parahatçylyk, ähli ösüşleriň binýadynda duran mukaddes gymmatlyk bolup, ol diňe bir halklaryň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmekde ähmiýetli bolman, eýsem, dürli ulgamlaryň ugurlarynyň ösüşine hem täsirini ýetirýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda ýer ýüzünde parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrmak ugrynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.