logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Baky minnetdar Watan

Lebap welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 30-njy çagalar bagynda “Baky minnetdar Watan” atly sesli okaýyş geçirdiler. Bu ýerde körpeleriň watana bolan söýgüsini artdyrmakda, edepli, edermen ýaş nesli ýetişdirmekde hekaýalaryň, ertekileriň täsiri uludyr. Mekdebe çenli çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleri bilen yzygiderli dürli usullarda sesli okaýyş geçirilýär. Kitaba bolan söýgüsini ösdürmek, akyl taýdan ösüşiniň esasy ugry bolup durýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň bilimli, kämil dünýägaraýyşly, ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda edilýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!