logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAKY ŞÖHRAT BOLSUN GAHRYMANLARA!

Gahrymanlary ýatlamak däbi hemişe-de türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlara aýratyn sarpalanýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Häzirki we geljek nesilleriň nurana geljeginiň hatyrasyna wepat bolanlary hatyralamak üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylary Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýine «Baky şöhrat bolsun Gahrymanlara» atly gezelenç çäresi geçirildi. Çärä harby gullukçylar gatnaşyp, olar eden çykyşlarynda Beýik Watançylyk urşunda Türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesiniň söweş meýdanlarynda görkezen gaýduwsyzlygy, deňsiz-taýsyz mertlikleri, halka hyzmat edip, jemgyýetde hormat-sylaga mynasyp bolup, ömrüni mugallymçylyk kärine bagyşlan, ilhalar ynsan, Watançy esger ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň juda gysga, manyly ömründe görkezen edermenligi harby gullukçylar üçin hem-de ýaş nesiller üçin görelde, nusga alarlyk mekdep bolup durýandygy barada öz çykyşlarynda buýsanç bilen bellediler.

Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmeniň Merdana ogullaryna uly sarpa goýmagy, ata Watany gözüniň göreji deý gorap, watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen ata-babalarymyza goýan çäksiz hormatynyň nyşanydyr. Munuň özi Garaşsyz Diýarymyzda asudalygyň goragçylaryna goýulýan sarpany belende göterip, Watan mukaddesligini has-da dabaralandyrýar.