logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAKY ÝAŞA, ASYRLARA DOWAMAT, BITARAP WATANYM, JAN TÜRKMENISTAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adymdaky merkezi kitaphanasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Baky ýaşa, asyrlara dowamat, Bitarap Watanym, jan Türkmenistan» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýylyndan bäri, bu ugurda amala aşyrylan beýik işler dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde taryhy senä öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halky parahatsöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly bolmak bilen bu günki gün dünýä giňişliginde öz ornuny berkitýändigini, türkmen halky ilkinji nobatda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň özara bähbitli bolmagyna uly ähmiýet berip, dünýä ýüzünde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna uly itergi berýändigi barada beýan etdiler.

Çäräniň dowamynda göçme kitap sergi gurnaldy we bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we nusgawy ýazyjy şahyrlarymyzyň eserleri ýerleşdirildi. Bu bolsa çärä gatnaşýan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.