logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAKYDYR DÜNÝÄDE ÝEŇIŞ BAÝRAMY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Bakydyr dünýäde Ýeňiş baýramy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hakydalarda gaýduwsyzlygyň, watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hakyky mertligiň mekdebi bolan, parahat, asuda, ýaşaýşyň binýadyny berkarar eden, parahatçylyk we azatlyk ugrunda söweşen Watan ogullarynyň edermenlikleri her ýylyň 9-njy maýynda uly dabaralar bilen ýatlanyp geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Beýik Watançylyk urşuna türkmen ýigitleriniň hem gatnaşandygy, olaryň mukaddes topragymyzyň asudalygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda görkezen edermenlikleri barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.