Merdana Watan ogullarynyň Watan ugrundaky söweşlerde görkezen gahrymançylyklary Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýaş nesilleri üçin Watanyňy, eziz halkyňy söýmegiň, onuň erkinligini we azatlygyny gorap saklamagyň beýik mekdebidir. Şonuň üçin Ýeňiş baýramy türkmen halky üçin iň bir mukaddes baýramçylyklaryň biri hasaplanylýar.Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän şeýle çäreleriň biri hem Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň, Türkmenabat şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Bakylyga öwrülen mertler» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlap «Bakylyga öwrülen mertler» atly wagtlaýyn sergi gurnaldy. Bu gurnalan wagtlaýyn sergide muzeýiň gaznasynda saklanylýan taryhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi görkezildi. Sergide ýerleşdirilen taryhy gymmatlyklarymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň baý medeni ruhy hem milli mirasyny şöhlelendirýän 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşyna degişli ylmy maglumatlary,taryhda yz goýan uruş ýyllaryň taryhyndan söz açýan türkmenistanly gahrymanlarymyz hakyndaky fotosuratlar,Beýik Ýeňişiň dabaralanyşy we Watan gahrymanlaryna goýulýan hormat-sylagy hem-de Lebap welaýatyň «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplary ýaly taryhy gymmatlyklarymyz sergide öz beýanyny tapdy.Diýseň köp tomaşaçyly bolan sergi täsirliligi bilen tapawutlandy. Serginiň dowamynda oňa gatnaşyjylar asuda, parahat, eşretli zamanada ýaşamaga, okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri şertleri üçin parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny sagbolsunlaryny beýan etdiler.
Gurbangözel RAHMANOWA
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri