logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BARLAG INFRASTRUKTURASY WE TEHNIKI SESSIÝALAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda muzeý gaznalarynyň gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda görkezilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak we öwrenmek işlerini giňden wagyz etmek meselelerine möhüm ähmiýet berýändikleriniň aýdyň netijesidir. Ynha, şu günlerde dowam etdirilýän Stambul şäherindäki «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasynda» türki döwletleriň mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde «Barlag infrastrukturasy we tehniki sessiýalar» barada professorlar öz işlerini dowam etdirýärler. Köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde taryhy ýadygärliklerden tapylan gyzykly açyşlar edildi. Arheologlar bu ýerde taryhy tapyndylary rejeläp, olaryň durkuny dikeltmek ýaly köp sanly işleri alyp barýarlar. Şeýle işleriň baş maksady dünýäniň taryhyny, medeni-mirasyny, ýadygärlikleri hem-de arheologiki tapyndylary öwrenmekden, gorap saklamakdan we dikeltmekden ybaratdyr.