logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BARLYGA SÖÝGINIŇ TÄSIN ŞEKILLERDÄKI KEŞBI

Düýn merjen şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda «Ene-tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç Çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa çykyş edip, Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu serginiň ähmiýeti, Ýer ýüzünde şu günüň derwaýys meselesi bolan daşky gurşawy gorap saklamakda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde amala aşyrylmaly işleriň çeper sungatyň üsti bilen halka ýetirilmegi nazarda tutulandygyny aýdyp geçdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guralan döredijilik gözden geçirilişi dünýäniň ençeme ýurdundan çeper sungatyň wekilleriniň eserlerini bir döwrede jemledi.
«Ene-tebigat» diýlip atlandyrylan taslama çeper sungatyň dürli ugurlarynda umumy bir mowzukdan — «Ene hemme ýerde we hemişe enedir. Ol mähribanlyk dünýäsidir. Tebigat bolsa ähli barlygyň enesidir» diýen ezeli düşünjeden söz açýar. Bu ugurda öz sedasy, öz keşbi, öz çemeleşişi bilen tapawutlanýan her bir eser öz hekaýasyny-da gürrüň berýär.
Türkmenistanly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň wekilleri azerbaýjan mekdebiniň nusgalary bilen ýakyndan tanyş bolsa-da, şu çäre ýurduň häzirki zaman sungatynyň täsinliklerine has-da içgin göz ýetirmäge şert döredýär.

Bahreýnde, Beýik Britaniýada, Şweýsariýada, Ispaniýada ýaýbaňlandyrylan eserleriň bu gezekki sapary gadymy oguz ýurdunda — türkmen topragynda dowam edýär. Doganlyk türkmen we azerbaýjan halklarynyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açan halkara sungat sergisinde dünýäniň ençeme ýurdundan, şol sanda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň ýaýbaňlandyrylmagy serginiň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Ynsanyň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyny beýan edýän, onuň tebigatyň bir bölegidigini ýatladýan eserleriň ter çemeni indi aşgabatly muşdaklara altyn güýzüň ahyryna çenli täsin täsirleri bagyşlar.
Şeýle halkara sergini ýurdumyzda geçirmek boýunça asylly başlangyjyň sakasynda duran Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.