Bagtyýar watandaşlarymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň milli we halkara ähmiýetli wakalaryny özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet ýeňişleri bilen barýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly:«Garaşsyzlygymyz – barlygymyz. Garaşsyzlygymyz–bagtymyz». Şu jähetden, Garaşsyzlyk – biziň eziz Watanymyza söýgimizi we sarpamyzy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan, halkymyzyň berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, özbaşdaklyk, hemişelik Bitaraplyk barada telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolan mukaddes gymmatlygymyzdyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara Gutlagynda «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimiziň hem-de buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere galkyndyrýan güýji, watansöýüjiligimiz, döredijilik hyjuwymyz, zähmet joşgunymyz bilen ajaýyp geljegimizi gurýarys»-diýip biziň geljekki işlerimizde mukaddes Garaşlygymyzyň hem hemişelik Bitaraplygymyzyň uly ruhy güýç bolup durýandygyny nygtaýar.
Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleri baş baýramymyza döredijilik sowgatlary bilen gelmekleri asylly däbe öwrüldi.
Şanly ýylymyzyň baş baýramyna ýurdumyzyň teatrlary hem-de sirkleri mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik zähmet üstünliklerini hem-de syýasy we durmuş we jemgyýetçilik durmuşynyň şanly wakalaryny wasp edýän, türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna, watansöýüjiligine, şöhratly pederlerimiziň hem-de belli şahsyýetleriň döredijilik we ömür ýollaryna bagyşlanan täze oýunlaryň we sirk tomaşalarynyň ençemesini sahnalaşdyryp geldiler. Bagtyýar watandaşlarymyz şanly ýylymyzyň 17-si–28-zi aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda hem-de sirklerinde täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişlerine tomaşa edip bilerler.
Baş baýramçylyga Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry dramaturg G.Daňatarowyň «Tumar şa» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan spektakl bilen geldiler. Sahna oýnunda massagetleriň şa zenany Tumaryň Watan goramakdaky edermenlikleri dabaralandyrylýar. Gadymy grek akyldar taryhçysy Gredotyň «Dünýä taryhy» atly köp jiltlik eserinde beýan edilen Kir şadan üstün çykan Tumarisiň başdan gahrymançylykly geçirmeleri baradaky rowaýata öwrülip gelen wakalar bu sahna eseriniň süňňüni düzýär. Spektaklda merdana pederlerimiziň watanperwerlik hem-de dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmakdaky tagallalary giňden açylyp görkezilýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýazyjylar Hydyr hem-de Ylýas Amangeldiýewleriň taýýarlan pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gurbannazar Ezizow» atly täze sahna oýny bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenýär. Ussat şahyryň ynsan kalplarynyň nagşyna öwrülen şygyrlary esasynda döredilen aýdym-saz eserleri bilen utgaşyp gidýän wakalaryň jümmüşinde Gurbannazar Ezizowyň atasy, kakasy, maşgalasy hem ömür döredijilik äleminiň syrlaryny çeper sahna wakalarynyň üsti bilen beýan edilýär. Bu sahna eserinde sungat muşdaklary türkmen sahnasynda ilkinji gezek söz ussadynyň janly keşbini synlap bilerler. Spektaklyň dowamynda şahyryň eziz Watanymyza, onuň tebigatyna aşyklygy, halkyň agzybirligine bolan pelsepewi garaýyşlary çeper şöhlelendirilýär.

Türkmenistanyň milli Alp Arslan adyndaky drama teatry sungat muşdaklaryny dünýä nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, belli gyrgyz dramaturgy Çingiz Aytmatowyň «Söweşe garşy söweş» atly sahna oýny ilkinji görkezilişini guraýar. Bu spektaklda Zeminiň parahatçylygynyň, halklaryň arasyndaky agzybirligiň tutuş ynsan köňülleriniň arzuwydygy dabaralandyrylýar. Parahatçylyk nagmasy ykbal, durmuş, döwür bilen ýüzbe-ýüz durýan ynsanyň gursagyndan syzlyp, yklyma ýaň salýar, asudalyk aýdymy bolup köňüllere müdimilik dolýar. Sahnada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinde ynsanyýete ýüzlenip aýdylýan parahatlyk söýüjilik öwüt-ündewleri eriş-argaç bolup geçýär.
Arkadag şäheriniň A.Gulmämedow adyndaky döwlet drama teatry Türkmen halkynyň Milli Lideri gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany esasynda «Pederler ýoly» atly täze sahna eserini teatr muşdaklaryna sowgat getirdi. Spektaklda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän romanynda beýan edýän gyzykly wakalar janlandyrylyp, onda tomaşaçylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän romanyndaky gahrymanlar Ýazly yzçynyň, Mämiş seýisiň, Kuwwat pälwanyň sada türkmen obasynda nesillere nusgalyk bitiren işleriniň gözli şaýatlary bolarlar. Sahna oýnunda parasatly ata – babalarymyzyň şöhratly ýoly yzarlanyp, geçmişe syýahat edilýär. Sahnadaky wakalar hakyky durmuşdan asla üzňe däldigi diýseň täsir galdyrar.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry şanly baýramçylyk mynasybetli belli şahyr, akademik A.Kekilowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Söýgi» atly sahna oýnuny ýaşlara sowgat edýär. Spektaklda Watan öňündäki borjyňa, söwer ýaryňa beren ähdiňe, ar-namysy goldan bermän wepaly bolmak ýaly asylly milli terbiýeçilik häsiýetleri dabaralanýar. Sahna eseri ýaşlary parahatçylyk söýüjilige, agzybirlige, mertlige, gaýratlylyga, merdanalyga çagyrýar.

Türkmen döwlet gurjak teatry baýramçylyk günlerinde bagtyýar çagalar üçin sahnalaşdyrylan «Mährem ene» atly sahna oýny bilen gapylaryny giňden açar. Spektaklda täsin gurjaklaryň ynsan nesliniň ene mukaddesligine goýýan gadyr-gymmaty janlandyrylýar. Köp çagaly türkmen maşgalasynda çaga bagtyýarlygy dabaralandyrylyp, ezi Watanymyzda eneleriň hem-de çagalaryň goragy üçin döwlet tarapyndan edilýän goldaw-hemaýatlar, tükeniksiz aladalar wasp edilýär. Enäniň mähremliginiň her hili kynçylygy ýeňip geçmekde çagalar üçin egsilmez güýçdigi spektaklda dabaralandyrylýar.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry B.Mämmedowyň «Juwan kalbym joşanda» atly sahna oýny bilen tomaşaçylary garşy alar. Spektaklda kalby watanperwerlik söýgüsine pürepür bagtyýar ýaşlaryň durmuşy, Sebitde ilkinji akylly şäher-Arkadag şäheriniň gurluşygynda zähmet çekýän ýaş ýigit Serdar bilen, ussat tansçy Maralyň arasyndaky päk söýgi gatnaşyklary janlandyrylýar. Sahna eseri ýaşlaryň bagt toýy, şirin aýdym-saz, ýaşlaryň joşgunly tanslary bilen jemlenýär.
Mukaddes Garaşsyzlyk baýramy welaýatlarymyzyň teatrlarynyň sahnalarynda hem giňden dabaralanyp, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ruhy joşguny döreder. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Dramaturg G.Daňatarowyň «Watan jandan eziz», atly sahna oýny atly sahna oýny balkanly watandaşlarymyza görkeziler. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gaýduwsyz serkerde», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Watan gerçegi», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ««Biz öýlenmäge taýýar» atly sahna oýunlary teatr muşdaklaryna ilkinji gezek görkezerler.
Mukaddes garaşsyz baýramy mynasybetli sirklerinde täze tomaşalar taýýarlanyň sirk sungatynyň täsinliklerini söýüjileri begendirdi. Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Behişti bedewler – şöhrat-şanymyz», sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bolsa «Galkynyşyň röwşeni siz, ýelden ýyndam bedewler» atly ýörite sirk tomaşasy bilen sungat täsinliklerini söýýän muşdaklaryna hyzmat eder.
Mundan başga-da, teatrlaryň hem-de sirkleriň ajaýyp sahnalarynda ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlanar. Wäşileriň baýramçylyk gutlaglary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.
Ýurdumyzyň teatrlary we sirkleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, belli şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny wagyz edýän sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri bilen tomaşaçylary begendirerler.
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza teatr we sirk sungatynyň işgärleri milli sungatymyzy ösdürmek hem-de dünýäde ýaýmak üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri, goldaw-hemaýatlary üçin soňsuz alkyşlar aýdýarlar.
Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.