Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 44-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň günine bagyşlap “Baş Kanunym baky bagtym – ýaşyl tugum dünýä ýalkym” – atly edebi-sazly agşam geçirdi.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň döwlet nyşanlary bolmak bilen Esasy Kanun we Ýaşyl Baýdagymyz Watanymyzyň garaşsyzlyk hem-de bitaraplyk ýörelgelerini we agzybir türkmen halkymyzyň parahatçylyk, ynsanperwerlik gatnaşyklaryna bolan üýtgewsiz ygrarlylygyny özünde jemleýär. Ýurdumyzyň kanunçylygyny ösdürmegiň hukuk esaslary Konstitusiýadan gözbaş alýar. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmenleri ýaş nesillere täsirli gürrüňleri berdiler. Çärämize işjeň gatnaşan okuwçylar mukaddes tugumyzy, häzirki ajaýyp döwrümizi wasp edip goşgulary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşyl tugymyzy dünýäniň çar künjeginde al-asmanda parladýan hem-de milli hukugyň esasy bolup durýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň baýramyny döwlet derejesine sarpalaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.