Balkan welaýat kitaphanasynda «Baş Kanunymyz-bagtymyz! Ýaşyl tugumyz–ýaşaýşa ýaraşyk!» atly edebi-sazly çäresi geçirildi. Edebi–sazly çäresine kitaphanaçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, gatnaşdylar. Geçirilen çärämizde kitaphana işgärleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gyzykly gürrüňleri berdiler. Türkmen halky tarapyndan agzybirlik bilen toýlanýan bu gymmatlyklarymyzyň goşa baýramy ýaşlaryň çuňňur watansöýüjilik duýgularyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterýär. Garaşsyz Bitarap Türkmenistan döwletimiziň hukuk binýady has-da berkeýär.
Her bir özygtyýarly döwlet, özüniň esasy Kanuny bolan Konstitusiýasyny kabul edýär. Onda halkymyzyň kalbynda beslän isleg-arzuwlaryny, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy mizemez türkmen döwletiniň binýadyny berkidýän Esasy Kanundyr. Goşa baýram, goşa toýumyzda Döwlet baýdagymyz Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, asudalygyny we halkymyzyň öz ýurduna bolan buýsanjyny, mertebesini kepillendirýär. Watanymyzyň ýaşyl baýdagy türkmenleriň döwletlilik barada asyrlardan bäri edip gelen arzuwyň hasyl bolmagydyr. Çärede kitaphanaçylaryň çykyşlaryndan soňra ýaňlanan edebi-sazly çykyşy bu dabaranyň özboluşly başlangyjyna öwrüldi. Çäräniň dowamynda Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde bagşylaryň çykyşlary çäräni has-da gyzyklandyrdy.
Goý, al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda hemişe parahatçylyk höküm sürsün! Häzirki wagtda ýurdumyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!