logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Baş Kanunymyz, döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy, Bagyr medeniýet öýi, Bagtyýarlyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baş Kanunymyz, döwlet Baýdagymyz goşa mukaddeslikdir» ady bilen sergi, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyzda milletimiziň mertebesi, sarpasy, buýsanjy, kuwwaty, taryhy, şu güni hem-de geljegi şöhlelenýändigi barada beýan etdiler. Şeýle-de şöhratly ata-babalarymyzyň özbaşdak, erkin we abadan döwlet gurmak baradaky arzuwlary, agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynda jemlenýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda mähriban halkymyzy ösüşleriň ak ýolundan alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.