Durmuşymyzy dabaralandyrýan toýdur tomaşalarymyz, olaryň şüweleňli geçmeginde uly orun eýeleýän däpdir dessurlarymyz türkmeniň nusgalyk terbiýe mekdebiniň ömürlik hemrasyna öwrülip dowam edip geldi. Toýlaryň içinde täze maşgalanyň döremeginiň özboluşly alamaty bolan durmuş toýy möhüm orun tutýar. Halkymyzyň agzybirlik baradaky garaýyşlary, garyndaşlyk gatnaşyklaryndaky mizemez ýörelgeler tutumly toýlaryň üsti bilen ýüze çykýar.
Türkmen halkynyň asylly, terbiýeçilik ähmiýetli, ruhuňy göteriji däplere baýdygyny baş saldy däbiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Toý tutulan gününiň ertesi goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar ýygnanyşyp, gelne baş salýarlar. Muňa, esasan, gelin-gyzlar, orta ýaşlaryndaky zenanlar gatnaşýarlar. Has ýaşuly zenanlar, ýaşajyk gyzlar oňa tomaşa edýär.
Gelne baş salnanda iki topar bolup göreşilýär. Gyzlar gelni aldyrmaly däl, gelinler topary bolsa ony hökman alaýmaly. Baş saldyda üç gezek topulyp, gelni üç gezek almak bu däbiň esasy şerti bolup dowam edýär. Bu göreş ahyry gelniň alynmagy bilen tamamlanýar. Şol bir zenan üç gezek gelne ýetmegi başaran bolsa oňa bu “göreşiň” ýeňijisi hökmünde baýrak berýärler. Şonuň ýaly hem üç gezekde aýry-aýry zenanlar gelni alan bolsa, olaryň hem hersine ýörite baýraklar berilýär. Ondan soňra gelniň başyndaky şaýly tahýany alyp “abraý bilen durmuşa çykmak saňa-da nesip etsin” diýen arzuw-niýet bilen ony täze gelniň baldyzynyň başyna geýdirýärler. Beýleki gyzlar hem şeýle derejelenip, abraý bilen durmuşa çykmagy arzuwlap, gezekli-gezegine ony başlaryna geýip görýärler. Ondan soňra täze gelniň gelinlik dünýäsine gadam basmagynyň aňlatmasy hökmünde onuň başyna gyňaç daňýarlar. Gyňaç daňylandan soň, gelinlik dünýäsine salmagyň aňlatmasy hökmünde täze gelniň iki örüm saçyny arka atmagyň däpleri ýerine ýetirilýär. Gyňaç daňan zenan gelniň saçyny emaý bilen arkasyna geçirmekçi bolýar. Ýöne gelin saçlaryny eline dolap, berk saklap oturýar. Töwerekdäkiler gelniň gaýyn enesine “Gelniňiz-ä saçyny berenok, hany näme sowgat berjek” diýenlerinden soň, gaýyn ene gelnine niýetläp taýýarlan sowgadyny berýär. Şondan soň gelin saçyny berýär, ony yzyna atýarlar. Häzirki döwürde gaýynene gelnine köýneklik, gyňaç ýaly zatlary sowgat berýär. Öňki döwürlerde gaýyn ene gelnine hökman saçlyk bermeli eken. Bu gaýyn–gelniň arasynda dowam edip gelýän gadymy däplerimiziň biridir. Käbir ýerlerde bu däp häzirki günlere çenli saklanyp gelýär. Eneler köplenç “gelnime bererin” diýen ýagşy niýet bilen, gyzyl çaýylan kümüş şaý-sepleri öňünden ýygnap goýupdyr. Gelinler bolsa “gaýnymyň beren sowgady” diýip, gymmatbaha şaý-sepleri hemişe aýawly saklapdyr.
Ogultäç HOJANAZAROWA,
Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.