logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BÄSLEŞIGIŇ JEMI

BÄSLEŞIGIŇ JEMI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň sarpasy belentden tutulyp, Halkara zenanlar güni mynasybetli çäreler giňden bellenip geçilýär. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli yglan edilen «Parahat ýurdumyň reňklere siňen gözelligi» atly bäsleşik ýaş suratkeşleriň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak, mährem zenanlarymyzyň abraý-mertebesini çeper eserleriniň üsti bilen beýan edýän ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň jemi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Bäsleşige gatnaşan okuwçylara Hormat haty hem-de sowgat gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan ýaş nesiller döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlar aýtdylar.