logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BÄSLEŞIGIŇ JEMLERI JEMLENDI

2025-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň bilelikde guramagynda, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, «Parahatçylyk we ynanyşmak – Bitaraplygyň binýady» hem-de «Dünýä dursun parahat!» atly döredijilik bäsleşikleriň jemlerini jemlemek dabarasy boldy. Hekaýa, şygryýet, makala ugurlaryny öz içine alan bu bäsleşige, döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar özleriniň bäsleşige hödürlän eserlerinde, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünliklerini, ýetilen belent sepgitleri hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň waspyny ýetirip, çuňňur many-mazmunyny giňden açyp görkezdiler.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, dünýä nusgalyk beýik işleri arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ugurlardaky döwrebap ösüşlerini has-da belende götermek ugrundaky giň gerimli işleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.


Ogulgurban Gaşlakowa

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni