logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAÝ MAZMUNLY KITAPLARDAN RUHLANYP

BAÝ MAZMUNLY KITAPLARDAN RUHLANYP

Bäherden etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary kitaphana gelýän okyjylaryň arasynda baý many-mazmunly kitaplar barada gürrüňdeşlikleri yzygiderli geçirip durýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz diňe maddy taýdan baýlaşman, eýsem ruhy taýdan hem galkynýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary türkmen halkynyň milli, ruhy-medeni gymmatlyklaryny hem ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Oba ýerlerinde döwrebap medeniýet öýlerinde gurnalýan kitap bilen baglanyşykly sergide sergilenýän biri-birinden täsin ölçegdäki kitaplar hem okyjylaryň kalbynda okamak islegini öwrenmek bilmek höwesini oýarýar.

Kitaphana ulgamyny kämilleşdirmekde uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýet tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!