logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni ösüşlere beslenýändigi, ajaýyp eýýamymyzda halkymyzyň tutýan her bir toýy, gazanýan üstünlikleri belent buýsanjymyzyň beýany bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Ene topragyň, ata Watanyň mukaddes bolşy ýaly, Döwlet Baýdagymyzyň hem mukaddesdigi, türkmeniň ýaşyl ýazlary kimin owadan tugumyzy başlarynyň täjine deňeýän zähmetsöýer halkymyz ynamly gadamlar bilen öňe barýandygy barada beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.