Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymyz başymyzyň täjidir, Kanunlarymyz kalbymyzyň güýjüdir!» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň esasy kanuny bolup, Konstitusiýada döwletiň hukuk ýagdaýynyň kegitlemesi we ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de döwlet baýdagymyzyň saýasynda bu gün eziz Watanymyz ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan günlerinde asylly däpleriniň, şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň güwäsi bolup, al-asmanda erkana pasyrdaýandygyny, goşa mukaddesligiň şanyna tutulýan toýlar halkymyzyň agzybirligini, mertebesini, buýsanjyny alamatlandyrýandygy barada beýan etdiler.
Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde Watanmyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.