Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Konstitusiýa – kalbymyzyň güýjüdir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli esasy Kanunymyz we ýaşyl Baýdagymyz halkymyzyň agzybirligini dabaralandyrýandygyny, Konstitusiýadan gözbaş almak bilen, ýurdumyzyň özygtyýarlygynyň aňlatmasy bolan Döwlet baýdagynyň, Döwlet tugrasynyň, Döwlet senasynyň, döwlet nyşanlary hökmünde esasy kanunymyza berkidilmeginiň uly syýasy-hukuk manysynyň bardygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.