logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAÝDAGYMYZ–BAŞYMYZYŇ TÄJIDIR, KANUNYMYZ KALBYMYZYŇ GÜÝJIDIR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymyz–başymyzyň täjidir, Kanunymyz kalbymyzyň güýjidir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ýüreklerimizde mäkäm orun tutýan mukaddesliklerimiziň biri bolup, çünki onda halkymyzyň ruhy beýikligini, mizemez ynsanperwerligini, agzybirligini alamatlandyrýan nyşanlar öz beýanyny tapýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de döwlet baýdagymyz asyrlar aşyp, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň rowaçlygynyň nyşany hökmünde belentde parlaýar. Bu bolsa ýaşaýşyň, agzybirligiň, bitewüligiň, erkanalygyň Tugy bolup, pasyrdaýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.