Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 4-nji orta mekdebi bilen bilelikde «Baýdak Watan mertebesidir» atly wagyz nesihat çäresi hem-de «Baýdak türkmeniň abraý-mertebesidir» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Bu göçme kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp eserlerine uly ähmiýet berildi. Bu wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler ýaşyl Tugumyzyň Watan mertebesidigi barada giňişleýin gürrüň etdiler hem-de sözleriniň ahyrynda türkmen Tuguny mukaddeslige deňeýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.