logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzda giňden bellenilen 8-nji mart - Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň enelerine, ähli gelin-gyzlaryna iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, müňýyllyklardan gözbaş alýan milli maşgala mukaddesliklerimizi dowam etdirip, maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň arasyndaky baglanyşygy has-da berkitmekde, watansöýüji, milli buýsançly ýaşlary, nesilleri terbiýelemekde enelerimiziň hem-de zenanlarymyzyň ägirt uly hyzmatlary bardyr. Eziz Watanymyzda gözel gyzlarymyzyň, asylly gelinlerimiziň, mährem enelerimiziň sylag-sarpasy örän belentdir.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda zenanlaryň ajaýyp baýramyna bagyşlanan dabaraly çäreler aýratyn many-mazmuna eýedir.

Dabarada meşhur aýdymçylar, tans toparlary çykyş etdi. Konsert ýurdumyzyň birleşen teatr artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly, Arkadagly Serdarly gül Watanda eneleriň mähri bar» atly aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy. Çykyşda türkmen zenanlarynyň we mährem enelerimiziň gözelligi, päk ahlaklylygy, eziz Watanymyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa aýdyň açylyp görkezildi.

2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym dabarada belentden ýaňlandy. Bu joşgunly aýdymda ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen oňyn başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler wasp edildi. Konsertde ajaýyp aýdym-sazlar we täze aýdymlar, nusgawy sazlar, daşary ýurtlaryň aýdym-sazlary ýaňlandy. Konsertde meşhur aýdymçylar, ýaş ýerine ýetirijiler belent ruha, iň gowy arzuwlara beslenen aýdymlaryny mähriban enelerimize, gyz-gelinlerimize bagyşladylar.

Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni