logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

Ýetip gelýän Halkara zenanlar gününe her bir döredijilik işgärleri öz baýramçylyk sowgady bilen barýarlar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypalary, mugallymlary öz şägirtleri bilen baýramçylyk konsertlerini taýýarlaýarlar. Ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Ýekelikde aýdym aýtmak» kafedrasynyň uly mugallymy Begenç Gaýypow öz şägirtleri bilen konsert geçirdi.

Konsertde M.Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden wokal eserleri ýaňlandy. I.Dunaýewskiýiň «Как много девушек хороших», D.Hydyrowyň «Türkmen gyzy», Ý.Aşyrowyň «Mähribanlar», Türkmenistanyň halk artisti Baýramdurdy Hudaýnazarowyň «Ene elleri» eserleri zenanlarymyzy, mährem enelerimizi wasp edýän aýdymlar bolup, S.A.Gurilýowyň «Улетела пташечка», A.Warlamowyň «Не отходи от меня», A.Dargomyžskiýiň «Я Вас любил», Ç.A.Biksionyň «Что ж ты опустила глаза», «Parlami damore, mariu», P.P.Bulahowyň «Гори, гори моя звезда», A.Babaýewiň «Любимые глаза», E.Kapuanyň «Хочу тебя поцеловать», «Моё солнце», «O sole mio» aýdymlarynda bolsa söýgi temasy has hem çeper beýan edilipdir. Bu eserleri uly mugallym Begenç Gaýypow, göreldeli talyplar Y.Meredow, R.Kakamyradow, Ş.Gurbanberdiýew, A.Rejepow, R.Haýydow, Ý.Ataýew ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar.

Kompozitorlaryň döreden eserlerinden başga-da halk aýdymlar: Y.Meredowyň ýerine ýetirmeginde «Ах ты, душечка» atly rus halk aýdymy, Ý.Ataýewiň ýerine ýetirmeginde «Gole sangam» atly eýran halk aýdymy ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda gatnaşanlar B.Hudaýnazarowyň «Mähriban ýarym», D.Hydyrowyň «Şadyýan gün» aýdymlaryny ählisi bilelikde joşgunly ýerine ýetirdiler. Ähli zenanlarymyzy, kümüş saçly enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy ýetip gelýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Konsertde çykyş eden mugallymlara we talyplara aýdym saz äleminde uly uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Ogulbeg ÝEGENOWA

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby