logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAÝRAMÇYLYK SERGISI

BAÝRAMÇYLYK SERGISI

Mary welaýatynyň Ak öý binasynda Milli bahar baýramy Nowruza bagyşlanyp geçirilen toý dabaralarynda Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri taryhy gymmatlyklary sergilediler we baýramçylyga bagyşlanan söhbetdeşlige gatnaşdylar.

Muzeý hünärmenleri bu baýramçylyk sergisinde dabara gatnaşýan raýatlara taryhy gymmatlyklaryň hersi barada ylmy taýdan rowaýatlar bilen baglanyşdyryp giňişleýin gürrüňleri berdiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan, kökleri taryhyň müň¬ýyllyklaryna uzap gidýän Milli bahar baýramymyz-Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýşyň ýaraşygydyr. Nowruz Zemine bolçulyk, hümmet getirýän berekediň gözbaşydyr.

Asyrlaryň dowamynda özboluşly däp-dessurlary özüne siň¬diren Nowruz baýramy biziň günlerimizde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda täze many-mazmun bilen has-da baýlaşdyrylyp, adamzadyň medeni-ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara derejesinde ykrar edildi.

Nowruz baýramy türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Iň gadymy döwürlerden bäri parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, Watana bolan söýgi halkymyzyň medeniýetiniň binýadyny emele getirýär.

Müňýyllyklaryň geçendigine garamazdan, ajaýyp Nowruz baýramy häzirki wagtda-da jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, hemmelere şatlyk we ylham paýlamagyny dowam edýär, dost-doganlyga, döredijilikli zähmete, täze üstünliklere çagyrýar.