logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«BAÝRAMYŇYZ BILEN WATAN GORAGÇYLAR!» ATLY WATAN GORAGÇYLARYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLAP SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 4-nji «Ç» synp okuwçylary we synp ýolbaşçysy Jennet Orazowa bilen billikde «Baýramyňyz bilen Watan goragçylar!» atly watan goragçylarynyň gününe bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», atly gymmatly eserlerinde beýan edilýän watançylyk ýaly beýik düşünje we olaryň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti dogrusynda gyzykly gürrüňler berdi. Şeýle-hem synp ýolbaşçylary okuwçylary bilen gyzykly sorag jogap alyşdy. Ýurt goragçylarynyň sarpasynyň belentden dabaralanýanlygy barada hem buýsançly söhbetler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Watan mukaddesligini, keremli topragymyzyň goragyny ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň belent başlarynyň aman bolmagyny, döwletli tutumlarynyň rowaç arzuw etdiler.