Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Telewideniýe radiýogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünär-tehniki okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymda bagtyýarlyk bady bar, Kanunymda halkyň beýik bagty bar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň agzybirligini we ýurdumyzyň berkararlygyny alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini, berkitýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, agzybirlik ýörelgelerini özüne siňdiren Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, döwlet baýdagymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.