Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri öz okyjylary bilen Türkmenistanyň «Galkynyş» atly atçylyk toparynyň Monte Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalyna gatnaşyp, türkmen çapyksuwarlary hem-de ahalteke atlary bilen özboluşly tomaşa görkezip, Türkmen atçylyk topary «Galkynyş» dünýä derejesinde ýene bir gezek Türkmenistanyň sungatyny we medeniýetini belende göterendigi we toparyň çapyksuwarlary halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek çempion adyna eýe boldygy mynasybetli «Bedew atdyr goç ýigidiň ganaty» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda bu şatlykly waka bilen baglanyşykly buýsançly gürrüňdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.