Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bagtyýar halkymyzy buýsandyrdy hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göteren şanly wakalaryň biri boldy.
Dünýäniň 25 döwletinden sirk artistleriniň ýüzlerçesini ýanwar aýynyň 17-26-sy aralygynda Monte-Karlo sirk festiwaly bir ýere jemledi. Bu festiwala «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň hem gatnaşmagy örän guwandyryjydyr. Ajaýyp bedewleriň gözelligi we çeýeligi, şeýle hem çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Türkmen jigitleriniň at üstündäki dürli oýunlary, akrobatik hem-de gimnastik tilsimleri nobatdaky gezek tomaşaçylary we emin agzalaryny biparh goýmady. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar bu sungatyň ähli çylşyrymly usullaryna ussatlyk bilen erk edýändiklerini görkezdiler. Bedew atlaryň adamlar bilen bir bitewi göwre bolup çykyş etmekleri bolsa olaryň birek-birege bolan doly ynamyny görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça 2007-nji ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary döredildi. Döredilen ýylyndan başlap «Galkynyş» topary daşary ýurtlaryň iň talapkär tomaşaçylaryny hem haýran galdyrmagyny dowam edýär. Atly ýigitler dostlukly ýurtlarda şowly çykyş edip, uly üstünlik gazanýarlar. 2013-nji ýylyň oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Bütindünýä sirk sungatynyň festiwalynda toparyň gazanan ilkinji uly üstünligi bolup, şonda olar esasy baýraga hem-de sirk sungaty boýunça bilermenleriň, metbugatyň we tomaşaçylaryň ýörite baýraklarynyň birnäçesine mynasyp boldular.
Soňky ýyllarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary birnäçe abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyp, ençeme sylaglara we türkmenistanlylaryň çäksiz söýgüsine mynasyp boldular.
Italiýanyň Latina şäherinde 2014-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen XVI Halkara sirk festiwaly türkmen jigitlerine nobatdaky ajaýyp ýeňşi getirdi. 2015-nji ýyl hem şonuň ýaly boldy. Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherindäki festiwalda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleri dünýäniň 22 ýurdundan meşhur sirk toparlarynyň 32-siniň arasynda iň gowy topar diýlip ykrar edildi we baş baýraga—Altyn kuboga mynasyp boldy. 2016-njy ýylyň sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynda türkmen atlylary ýene-de ýeňiji bolup, ýaryşyň baş baýragyny eýelediler. Mahlasy, toparyň gazanan üstünliklerini «sanasaň sogaby kän» diýleni. Ine-de, 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny al-asmana göterip, «Galkynyş» topary deslapky üstünligi bilen ata Watanymyzyň abraýyny arşa göterdiler.
Monte-Karloda ahalteke atlary bilen gazanylan bu ynamly ýeňiş Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmekdäki oňyn başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowamat-dowam etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.