logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW BADY BILEN BEÝIK MAKSATLARA TARAP

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda “Bedew bady bilen beýik maksatlara tarap” ady bilen “Bagt köşgi” toý- dabaralary merkezinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekde durmuşa geçirýän beýik başlangyçlarynyň we oňyn özgertmeleriniň dabaralanýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bedew batly ösüşlere beslenýän ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara at-abraýyny artdyryp, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzine tanatmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.