Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy, döwletimiziň ykdysady hem-de syýasy kuwwatynyň has-da artýan şöhratly eýýamydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ata Watanymyz asyrlara barabar beýik menzilleri geçip, ähli ugurda bedew batly ösüşler gazanyldy we halkara giňişliginde ykrar edilen belent sepgitlere ýetildi. Garaşsyzlyk-bu biziň iň uly baýlygymyz, at-abraýymyz we mizemez binýadymyzdyr. Bu mukaddes baýram türkmen halkynyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, erkanalygynyň we döredijilik güýjiniň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy özeni, baş maksady “Döwlet adam üçindir!” hem-de “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ynsanperwer, beýik ýörelgelerden ugur alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler we ajaýyp ýeňişler her bir türkmenistanlynyň kalbynda çuňňur buýsanç duýgusyny döredip, täze zähmet ýeňişlerine, beýik işlere ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler we ýurdumyzyň ýagty geljegine gönükdirilen beýik işler türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň mizemez kepilidir. Şöhratly taryhymyzyň täze sahypasyny açýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramy eziz Diýarymyzyň at-abraýyny dünýä ýüzünde has-da belende göterýär.
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Çärjew etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli ,,Garaşsyzlyk biziň milli buýsanjymyz, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan berkararlyk binýadydyr” atly maslahat geçirildi. Welaýatyň il sylagly ýaşuly nesliniň wekilleriniň bilim we medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda geçirlen maslahat täsirliligi bilen tapawutlandy. Maslahata gatnaşyjylar muzeýde baýramçylyk mynasybetli gurnalan sergä uly ruhubelentlikde tomaşa etdiler. Olar maslahatyň hem-de sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler, şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.
Gülnur Pygamowa,
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.