logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Bedew bady bilen öňe, öňe diňe öňe jan Watanym Türkmenistan

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Bedew bady bilen öňe, öňe diňe öňe jan Watanym Türkmenistan» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri hasaplanýan, ahalteke bedewleri owadanlykda, ýyndamlykda deňi taýy bolmadyk, özüniň görkanalygy bilen älem-jahana ýaýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan, toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrülen bedewlerimiziň waspy giňden beýan edilýändigi, häzirki wagtda diýarymyzda milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.