logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW BADYM, GÖWÜN ŞADYM, ZAMANAMYŇ HEŇINDEDIR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Bedew badym, göwün şadym, zamanamyň heňindedir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyz dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň birine öwrülip, her ýylyň özboluşly mazmun bilen atlandyrylmagy ýurdumyzyň syýasy, ykdysady durmuşynda täze sahypalary açýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Ahalteke bedewi türkmen halkynyň döredijilik zehininiň we tebigat bilen sazlaşygynyň ýokary nusgasy bolup, ahalteke bedewlerine aýratyn orun berilmegi, biziň milli gymmatlyklarymyza bolan çuňňur sarpamyzy görkezýändigi barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli durmuşa alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.