Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis boldy. Onda ýurdumyzyň täze taryhynyň ajaýyp sahypalaryna öwrülen şanly wakalara, aýratyn-da, şu ýylyň dowamynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine, olaryň guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Munuň özi Watanymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän baýramçylyk çäreleriniň guramaçylygyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrüler.
Dabaraly mejlise gatnaşyjylar ilki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri görkezildi. Sergide hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän ajaýyp kitaplara giň orun berlipdir. Aýratyn-da, Milli Liderimiziň ahalteke bedewleriniň taryhyny, özboluşly aýratynlyklaryny wasp edýän kitaplary serginiň bezegine öwrüldi.
Mukamlar köşgüniň kaşaň binasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýylynda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis öz işine başlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän ýylynda meşhur ahalteke bedewlerini wasp etmek, ony dünýä ýaýmak meselelerine bagyşlanan dabaranyň dowamynda çykyşlara giň orun berildi.
Çykyş edenler bedewlere aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuşa geçirilmegi netijesinde bedewleriň dünýädäki abraýynyň belende galýandygyny bellediler.
Behişdi bedewlerimiz, nepis halylarymyz, wepaly alabaýlarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden buýsançly milli mirasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasaty türkmen halkynyň gymmatlyklaryny äleme ýaýmagy esasy ugur edinýär.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at–myradyň mekany” ýyly mynasybetli atçylyk we atçylyk sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň tassyklanylmagy şanly ýylyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Garaşsyzlyk baýramçylygynyň giň gerimde bellenilmegi häzirden sazlaşykly işiň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak her birimiziň öňümizde durýan möhüm wezipedir. Bedewlerimize bagyşlanýan eserler hem kämil we nepis bolmalydyr. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýady hasaplanýar. Garaşsyzlyk baýramy bilen bagly her bir işimiz, döredýän sungat eserimiz hem şol belent derejä mynasyp bolmalydyr.
Dabaraly mejlisiň dowamynda 2016-njy ýylyň aprel aýynda düşürilen, Türkmen bedewiniň milli baýramynyň taryhy pursatlaryny beýan edýän wideoýazgylar görkezildi. Olardan görnüşi ýaly, baýramçylyk mynasybetli Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan sowgat berlen Miras atly mele bedewe atlanyp, dabaranyň çäklerinde şanly sene mynasybetli guralan ak öýleriň ýanynda milli däp-dessurlara laýyklykda guralan toýlary synlaýar. Bu ýerde guralan ak öýleriň ýanynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň durmuş toýy şol günki çäräniň bezegine öwrülipdi. Gyz çykarmak, ogul öýermek ynsan durmuşynyň iň ýakymly pursatlary hasaplanýar. Gelnalyjy dessury türkmen toýlarynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biridir. Onda paýhasly pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýagşy dessurlary her döwrüň ruhuna kybap derejede dabaralandyrylýar. Häzirki bagtyýar zamanada bolsa bu ýörelgeleriň dabarasy has-da belende göterilýär. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen halky durmuş toýy babatda dünýä nusgalyk ýörelgeleri döredipdir. Munuň özi toý dessurlarynyň derejesini artdyrmak bilen bir hatarda, ýaşlary agzybirlige, birek-birege düşünişip ýaşamaga gönükdirilen çagyryş hökmünde kabul edilýär.
Soňra dabaraly mejlis “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda meşhur ahalteke bedewlerine, atçylyga we atşynaslyk sungatyna bagyşlanyp geçiriljek baýramçylyk çäreleri baradaky çykyşlar bilen dowam etdi. Çykyşlarda şu ýylyň dowamynda türkmen seýisleriniň yhlasyndan dörän ahalteke bedewlerini giňden wasp etmek we olary halkara giňişlikde tanatmak boýunça giň möçberli çäreleriň ýaýbaňlandyrylandygy aýdyldy. Aýratyn-da, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler toparlary ýurdumyzda, daşary döwletlerde geçirilýän halkara festiwallara, maslahatlara, gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezýärler.
Ahalteke bedewleri taryhyň dowamynda şahyrlaryň goşgularynyň, bagşylaryň aýdym-sazlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçipdir. Dürli döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny emele getiren bedewleriň çeper keşbini döretmek ýörelgeleri häzirki döwürde hem üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkynyň bedewlere bolan ählumumy söýgüsi, buýsanjy sungat eserlerinde öz beýanyny tapýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýärler, Soňra Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlis sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Belli estrada ýyldyzlarynyň, bagşy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk senesini mynasyp garşylamak ugrunda zerur tagallalar edýän, täze eserleri döredýän medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlyklarynyň waspy öz beýanyny tapdy. Artistleriň, bagşy-sazandalaryň, ýaş ýerine ýetirijileriň bilelikde ýerine ýetirmeginde Gahryman Arkadagymyzyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!” atly aýdymynyň ýaňlanmagy dabaranyň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.