logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW BATLY EZIZ DIÝAR!

Geljegi beýik döwletiň,

At agynan düzleri bar.

Gutaryp bolmaz söhbetin,

Ýaz, tomus, gyş, güýzleri bar.

Bedew batly eziz DIÝAR!


Oram-oram obalary,

Azym-azym şäherleri,

Şypalydyr säherleri,

Sahawatly illeri bar.

Bedew batly eziz DIÝAR!


Giň gujagy lälezardyr,

Halkyň mydam keýpi çagdyr,

Jennet diýdiren mekandyr,

Bagta barýan ýollary bar.

Bedew batly eziz DIÝAR!


Ruhy bardyr Erenleriň,

Mekany sen keremleriň,

Ýurdy bagty gelenleriň,

Şat, bagtyýar illeri bar.

Bedew batly eziz DIÝAR!


Nusgalykdyr, göreldesi,

Dünýä doldy ýörelgesi,

Gül açýandyr örelgesi,

Zynat berýän gülleri bar.

Bedew batly eziz DIÝAR!


Arkasynda Arkadagy,

Howandary Serdary bar,

Ösüşleri ýar edinip,

Diňe, öňe, öňe barýar,

Bedew batly eziz DIÝAR!


Ogultäç HOJANAZAROWA