Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däbe görä onuň şygarynda ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere goşant goşmaga höwesini artdyrmaga ýardam edýär. Ýylyň şygary durmuşa geçirilmeli döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde maksatlarynyň myrat boljakdygyny ýokary depginli ösüşlere beslenjekdigini gönüden-göni kesgitleýär. Gadymy döwürden bäri ajaýyp halylar, nepis şaý-sepler bilen bir hatarda ahalteke bedewleri hem halkymyzyň baýlygy hasaplanýar. Bedewler türkmen halkynyň milli buýsanjydyr maddy we medeni mirasyň halkymyz tarapyndan köp asyrlaryň dowamynda ösdürilip ýetişdirilen we kämilleşdirilen ajaýyp nusgasydyr.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Watan mukaddesligi” muzeýinde “Bedew batly-at myradyň mekany” ady bilen ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Oguljemal Çaryýewa, Türkmen dünýäsi gazetiniň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwletgeldi Agalyýew, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyby, edebiýat we sungat gazetiniň edebi işgäri Süleýman Haýdarow, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Uly ylmy işgäri Güljeren Atabaýewa we muzeý hünärmeni Jeren Altyýewa hem-de Türkmen döwlet Medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Söhbetdeşligi “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny, alkyşlaryny aýtdylar.