logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANYDYR WATANYM

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň «Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlar bölümi» Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym» atly gürrüň geçirdi. Bu ýerde ýaş nesle Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklary bolan hoşniýetlilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly häsiýetleriň üstünde durulyp geçildi.