logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda “Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde, häzirki döwürde türkmen bedewlerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä¬de wagyz etmek döwlet derejesinde mö¬hüm ugurlaryň biri bolup durýar. Atçylyk pudagynda alnyp barylýan ylmyseçgi işleri, halkara sergiler we baýramçylyk çäreleri bedewleriň şöhratyny has-da artdyrýar. Türkmen bedewleriniň milli buýsanjy hökmünde sarpalanmagy ýaş nesillerde taryha hormat goýmak we milli gymmatlyklara wepalylyk ruhuny berkitmäge hyzmat edýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda behişdi bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyş sözleri aýdyldy.